Turkmenportal logo
Şu gün 21:55
978978
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Galkynyş» toparynyň oglan-gyzlary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň oglan-gyzlary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşikleri, okuwlary we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadag toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurduň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Toparyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem olaryň okuwlary, durmuşy we ata-eneleriniň ýagdaýlary bilen içgin gyzyklandy hem-de toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda halkara çärelerinde Türkmenistanyň abraýyny belende göterjek milli lybasly oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalarynyň abraýly çykyşlary ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we olaryň halkara çärelerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip üstünlik gazanmaklaryny, türkmen Tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi.