Turkmenportal logo
Şu gün 17:38
48704870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alžiriň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisinden ynanç haty kabul edildi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Duşuşygyň dowamynda ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurduň dünýäde  parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň  arasynda hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.