Gurluşyk materiallaryny öndürýän Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti iri halkara taslamalary üçin niýetlenen 120 müň inedördül metr asma potolok ulgamlaryny daşary ýurtlara iberdi. Şeýlelikde, kompaniýa eksport maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky rekord görkezijini gazandy.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, kompaniýanyň eksport möçberleriniň yzygiderli artmagy doly awtomatlaşdyrylan önümçilik hatarlarynda, Germaniýnyň inženerçilik çözgütleriniň esasynda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen baglanyşyklydyr. Potolok plitalarynyň we profil ulgamlarynyň takyk geometrik ölçegleri gurnama işlerini çaltlandyrýar. Bu bolsa önümleri daşary ýurtly gurluşyk kompaniýalarynyň we baş potratçylaryň arasynda uly islege eýe edýär.

Halkara hyzmatdaşlaryň ynamyny pugtalandyrýan esasy şertleriň biri hem önümleriň howpsuzlyk we ekologiýa boýunça ýokary halkara talaplaryna doly laýyk gelmegidir. «Ak bulut» kompaniýasynyň ähli asma potolok ulgamlary halkara bazarlarynda erkin dolanyşygy tassyklaýan CE belgisine eýedir. Şeýle hem önümçilik ISO 9001 (hil), ISO 14001 (ekologiýa) we ISO 45001 (zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy) halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň çäklerinde alnyp barylýar. Önümler ýangyn howpsuzlygy we çyglylyga durnuklylyk boýunça hem ýokary talaplara laýyk gelýär.
120 müň inedördül metrlik önümiň iberilmegi netijeli ýola goýlan logistika ulgamy hem-de önümçilik kärhanasynyň amatly geografik ýerleşişiniň netijesinde öz wagtynda amala aşyryldy. Munuň netijesinde önümler buýruja bellenen möhletlerde gowşuryldy.

«120 müň inedördül metr asma potolok ulgamynyň eksport edilmegi diňe bir san däl, eýsem türkmen senagatynyň dünýäniň öňdebaryjy brendleri bilen deň derejede bäsleşip bilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Biz eksport ugurlarymyzy giňeltmegi dowam etdirýäris we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzy innowasion, döwrebap hem-de 100 göterim howpsuz gurluşyk materiallary bilen üpjün edýäris» — diýip, «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bellediler.
Kompaniýa önümçilik kuwwatyny we halkara şertnamalarynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly gurluşyk çözgütlerini eksport edýän ygtybarly ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge hyzmat eder.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+993 12) 75 42 43, 75 42 44
(+993 62) 24 00 44, 24 00 55, 14 00 44
Baş edara we sergi otagy:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, jaý 29/1, 3-nji gat.
Önümçilik merkezleri:
Asma potolok we profil ulgamlaryny öndürýän «Ak bulut» zawody hem-de ammary — Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby.
Gipsokarton, BOARDLINE önümleri we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän «Ak bulut» zawody hem-de ammary — Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.