Turkmenportal logo
Şu gün 16:54
33873387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«SmartRekrut» daşary ýurtly dalaşgärlere BMTU-a okuwa girmekde goldawlaryny hödürleýär

«SmartRekrut» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti daşary ýurtly dalaşgärlere Belarusuň iň iri tehniki ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Belarus milli tehnologik uniwersitetine (BMTU) okuwa girmekde toplumlaýyn ýardam hyzmatlaryny hödürleýär. Bu hyzmat okuwa girmegiň guramaçylyk tapgyrlarynyň ählisini — hünär saýlamakdan başlap, talyplyga kabul edilenden soňky uýgunlaşma döwrüne çenli aralygy öz içine alýar.

Kompaniýada habar berlişi ýaly, hünärmenler dalaşgärlere bilim maksatnamasyny saýlamaga kömek edýärler. Daşary ýurtly talyplaryň arasynda gümrük işi, IT-hünärleri, şeýle hem inženerçilik we tehniki ugurlar has uly islegden peýdalanýar. «SmartRekrut» BMTU-nyň talaplaryna laýyklykda resminamalar toplumyny taýýarlaýar, olaryň terjimesini we notarial taýdan tassyklanmagyny üpjün edýär, arzalary tabşyrýar hem-da okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda kabul ediş topary bilen aragatnaşygy saklaýar.

Resminamalary taýýarlamaga ýardam bermekden başga-da, kompaniýa wiza we migrasiýa meselelerini çözmekde hem goldaw berýär, ýaşaýan ýeri boýunça ýazga durmaga, ýaşaýyş jaýyny tapmaga we täze ýurtda ilkinji uýgunlaşma tapgyryny geçmäge kömek edýär. Türkmenistanly dalaşgärlere aýratyn üns berilýär: olar üçin bilim hakyndaky resminamalary tassyklamagyň aýratynlyklary we girişe taýýarlyk görmegiň özboluşlylygy göz öňünde tutulýar.

«SmartRekrut» kompaniýasynda belleýişleri ýaly, bu hyzmatyň baş maksady dalaşgäriň ähli ünsüni diňe okuwa taýýarlyk görmäge jemläp bilmegi üçin, ony okuwa girmek bilen bagly býurokratik kynçylyklardan boşatmakdan ybaratdyr.

Kompaniýanyň ofisleri Türkmenistanda — Mary welaýatynda (Täze awtomenzil, 2-nji gat), +993 64360961, +993 65129456, şeýle hem Minsk şäherinde (Surganow köçesi, 2A bina, 1-26 jaý) ýerleşýär, +375 (25) 771-77-71.