Turkmenportal logo
Düýn 15:07
83218321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Barselonanyň metrosynda tüsseden 130 adam ejir çekdi
Surat: gazeta.ru

Ispaniýanyň Barselona şäheriniň metrosynda dörän ýangynda tüsseden 130-dan gowrak adam zäherlendi.  Bu barada şäheriň ýangyn gullugyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.

«Ýangyn söndürijiler şäher goşunlary bilen birlikde otlularyň ýolagçylaryny halas etdiler, käbir uly bolmadyk ýangynlary gözegçilige alyp, tiz öçürdiler. Tiz lukmançylyk kömegi gullugy 136 adama ýardam etdi, olaryň 39-sy ýeňil we aram agyrlykdaky ýagdaýda golaýdaky hassahanalara ýerleşdirildi» diýip, Barselonanyň ýangyn söndürijileriniň saýtynda habar berilýär.

Metroda dörän ýangynyň sebäpleri barada habar berilmeýär.