Turkmenportal logo
Şu gün 14:38
44724472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkmenportal Ýaponiýada «Sumitomo» korporasiýasynyň baş edarasynda we «Toyota» kompaniýasynyň kärhanalarynda boldy

Turkmenportal internet neşiriniň wekili Ýaponiýanyň Tokio şäherinde ýerleşýän «Sumitoma» korporasiýasynyň baş edarasynda, şeýle hem Aýti prefekturasyndaky «Toyota» kompaniýasynyň muzeýinde we önümçilik kärhanasynda bolup, bu kompaniýalaryň Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň taryhy bilen tanyşdy. Sapar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan maksatnamanyň çäklerinde amala aşyryldy.

«Sumitoma» korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk kompaniýanyň Tokiodaky «Otemachi Place East Tower» binasyndaky ofisinde geçirildi. Türkmen wekiliýeti bilen korporasiýanyň awtoulag bölüminiň strategik satuwlary ösdürmek we marketing bölüminiň baş menejeri Rýusuke Miýake, kömekçi menejer Ýuki Ura, menejer Ýasuýuki Bek Katsube, şeýle hem «Sumitoma» korporasiýasynyň Power & Mobility bölüminiň baş menejeriniň orunbasary Rýo Hasegawa duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Turkmenportal internet neşirine berlen maglumatlara görä, «Sumitoma» korporasiýasy ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen awtoulag tehnikasyny üpjün etmek ugrunda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Kompaniýa ýolagçy gatnawlary we taksi gullugy üçin döwrebap awtoulaglary hem-de awtobuslary iberýär. Taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn depginde ösdürilýändigini belläp, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem «Sumitoma» korporasiýasy köp ýyllaryň dowamynda ägirt uly «Galkynyş» tebigy gaz käni üçin ýokary hilli turbalary iberýär. Bu hem kompaniýanyň Türkmenistan bilen köpýyllyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Sumitoma» korporasiýasy 1919-njy ýylda döredilen Ýaponiýanyň iň iri söwda korporasiýalarynyň biridir. 2026-njy ýylyň mart aýynyň ýagdaýyna görä, kompaniýanyň hususy maýasy 4,6 trillion ýena barabardyr. Korporasiýa yzly-yzyna 31 ýyl bäri «Fortune Global 500» sanawyna girýär. Häzirki wagtda onuň dünýäniň 62 döwletinde 123 ofisi bolup, awtoulag pudagy, metallurgiýa (şol sanda energetika üçin turbalar öndürmek) hem-de sanly tehnologiýalar ýaly ugurlary öz içine alýan on sany işewürlik toparyny birleşdirýär.

Saparyň çäklerinde Turkmenportal neşiriniň wekili Ýaponiýanyň Nagoýa şäherindäki «Toyota» Senagat we tehnologiýalar muzeýine hem-de kompaniýanyň zawodyna baryp gördi. Bu ýerde «Toyota Motor» korporasiýasynyň Hindistan we Ýakyn Gündogar sebiti boýunça baş menejeri Takaýuki Kanno hem-de taslamalary meýilleşdiriş bölüminiň ýolbaşçysy Toşiýuki Nakahara bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlara konserniň taryhyna we tehnologiýalaryna bagyşlanan «Toyota Kaikan» muzeýi, şeýle hem Aýti prefekturasyndaky «Toyota» kompaniýasynyň dört awtoulag zawodynyň biri bolan «Tsutsumi» zawodynyň önümçilik hatary görkezildi.

«Tsutsumi» zawody 1970-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri işleýär. Onuň meýdany 1,14 million inedördül metre barabar bolup, kärhanada 7 müň töweregi işgär zähmet çekýär. Bu ýerde Prius, Prius PHEV, Corolla, Camry, Corolla Sports hem-de Crown kysymynyň Crossover, Sport we Estate görnüşleri öndürilýär. Zawodyň aýlyk önümçilik kuwwaty 36 müň awtoulaga ýetýär. 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ýagdaýyna görä, kärhananyň iki önümçilik hatary günde 1 900-den gowrak awtoulag öndürýär.

Ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda «Tsutsumi» zawody «Toyota» kompaniýasynyň Beýik Britaniýadaky, Türkiýedäki, Hytaýdaky, ABŞ-daky we Indoneziýadaky esasy önümçilik kärhanalary bilen birleşdirilen halkara önümçilik torunyň möhüm bölegine öwrüldi. Bu ulgam arkaly konserniň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kärhanalaryna tehnologiýalar we ätiýaçlyk şaýlary iberilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda «Toyota» kompaniýasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän iki resmi dilerlik merkezi — «Garagum ulag» we «Beýik Ýüpek ýoly», şeýle hem Balkanabat şäherinde tiz tehniki hyzmat ediş merkeziniň işi ýola goýlandyr. «Toyota» kompaniýasy dünýä boýunça ýylda ortaça 10 million töweregi awtoulag öndürýär we onuň önümleri Türkmenistanyň bazarynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri uly islegden peýdalanýar.