Turkmenportal logo
Şu gün 12:12
55835583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby bilen Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda duşuşar. Oýun 2-nji awgustda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen sagat 17:45-de başlanar.

«Arkadag» topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi hökmünde Naýbaşy kubogynyň ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandy. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary geçen möwsümde yzly-yzyna üçünji gezek ýurduň çempiony boldy, şeýle hem ol Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.

«Ahal» bolsa geçen ýyl Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykan topar hökmünde Superkubok ugrundaky duşuşyga gatnaşýar.

Şu möwsümde «Ahal» toparyna täze baş tälimçi Eziz Annamuhammedow ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ýokary liganyň birinji aýlawynyň jemleri boýunça 30 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. «Ahal» topary 29 utuk toplap, üçünji orunda barýan «Altyn Asyr» klubyndan bir utuk öňde barýar. Ýaryş tertibiniň başynda bolsa 42 utuk bilen «Arkadag» topary ýerleşýär.

Şu ýyl «Arkadag» topary bilen «Ahal» Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) klub ýaryşlarynda hem Türkmenistana wekilçilik eder. «Ahal» AFK-nyň sebitdäki ähmiýeti boýunça üçünji derejeli klub ýaryşy bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan ýaryşa başlar. «Arkadag» bolsa AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň «Goa» kluby bilen duşuşar. Bu oýun 12-nji awgustda Arkadag şäheriniň stadionynda geçiriler.