Türkiýäniň günortasyndaky Adana şäherinde howanyň temperaturasy +50°C ýetip biler. Bu barada türk meteorology Yhsan Ýurtdaşa salgylanýan «Ria.ru» habar berdi.
«Bu häzirki tomsuň iň ýokary görkezijileriniň biridir, şonuň üçin ýaşaýjylara we syýahatçylara gündizlerine aýratyn seresap bolmak gerek» diýip, Ýurtdaş aýtdy. Sinoptigiň sözlerine görä, howa günüň ikinji ýarymyndan agşama çenli has gyzar. Şu aralykda howanyň ýokary derejesi we çyglylyk adam bedenine ýaramaz täsir edýär. Adamlar mümkin boldugyça, açyk howada bolmakdan gaça durmaly, köpräk suwuklyk içmeli hem-de fiziki işjeňligi peseltmeli diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.