Turkmenportal logo
Şu gün 11:04
45244524
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real Madrid» sport klublarynyň arasynda bir möwsümdäki girdejisi boýunça rekord goýdy

Madridiň «Real» futbol kluby sport klublarynyň arasynda bir möwsümdäki girdejisi boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

2025/26-njy möwsümiň jemleri boýunça klubyň umumy girdejisi 1,221 milliard ýewro ýetdi. Bu görkeziji geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 3,1 göterim ýokarydyr. Şunça möçberdäki girdeji çäginden dünýäniň hiç bir sport guramasy ozal geçmändi.

Amortizasiýa aýyrmalaryndan öňki amal girdejisi (EBITDA) 287,4 million ýewro barabar bolup, bu görkeziji geçen möwsümdäkiden 18 göterim ýokary boldy. Şeýle hem bu netije klubyň taryhyndaky iň ýokary girdeji hökmünde hasaba alyndy.

Maý aýynda «Forbes» žurnaly «Real» futbol klubyny yzly-yzyna bäşinji gezek dünýäniň iň gymmat futbol kluby diýip ykrar etdi.

Şol bir wagtyň özünde, sport netijeleri taýdan 2025/26-njy möwsüm «Real» üçin kuboksyz tamamlandy. Topar Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda bolsa çärýek finala çenli baryp, Mýunheniň «Bawariýa» klubyndan ýeňildi.