Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futboly ösdürmek maksatnamalaryny maliýeleşdirmegiň möçberini 10 milliard ABŞ-nyň dollaryndan hem ýokary derejä ýetirmegi hem-de «FIFA Forward Enterprise» (FFE) atly täze düzümiň üsti bilen daşarky maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Meýilnama laýyklykda daşarky maýadarlar dolandyryş hukugy bolmazdan azlyk paýyna eýe bolup bilerler. Maýadarlar toparyna bolsa Joşua Kuşner tarapyndan döredilen «Thrive Eternal» amerikan wençur (maýa goýum) kompaniýasynyň ýolbaşçylyk etmegi mümkin.
Käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu taslamanyň amala aşyrylmagy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ep-esli şahsy girdeji getirip biler. Şeýle-de bolsa, guramadaky çeşmeler onuň FFE-niň ýolbaşçy wezipesine bellenmegi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmandygyny belleýärler. FIFA-nyň beýanatyna görä, her bir milli futbol federasiýasy futboly ösdürmek üçin bir gezeklik 20 million ABŞ-nyň dollaryna çenli maliýe goldawyny alyp biler.
Janni Infantino futbolyň käbir ugurlarynyň täjirçilik taýdan gazanan üstünlikleriniň dünýäniň ähli ýurtlarynda bu sportuň ösüşine hyzmat etmelidigini aýtdy.
Emma bu başlangyç ýiti tankyda sezewar boldy. UEFA şeýle ädimiň ýol berilmesiz çäkden geçýändigini belläp, futbolyň dolandyrylyşynyň we abraýynyň söwda närsesine öwrülip bilmejekdigini, esasan hem maliýe bähbidini kimiň aljakdygy baradaky meselede aç-açanlygyň bolmalydygyny nygtady.
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Býornem hem bu meýilnamany tankytlap, futbolyň maýadarlara däl-de, janköýerlere degişlidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle ylalaşyga gol çekilmegi futbolyň bähbitlerine dönüklik etmek bilen deň bolar.
Futbol maliýesi boýunça bilermen Kiran Maguaýr bu teklibiň FIFA üçin goşmaça girdeji çeşmelerini açýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol FFE döredilen ýagdaýynda, paýdarlaryň bähbitlerini kanagatlandyrmak maksady bilen FIFA-nyň dünýä çempionatyna gatnaşýan toparlaryň sanyny 64-e ýetirmegi we ýaryşy her iki ýyldan bir gezek geçirmegi öňe sürmeginiň mümkindigini belledi.
Bu başlangyjyň güýje girmegi üçin FIFA-nyň düzümine girýän 211 milli futbol federasiýasynyň goldawy zerurdyr. Bu mesele FIFA-nyň Geňeşiniň güýzki mejlisinde, dekabr aýynda geçiriljek Yklymara kubogy ugrundaky ýaryşyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylar. Ses berlişigiň bolsa mart aýynda Marokkoda boljak FIFA-nyň kongresinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.