Turkmenportal logo
Şu gün 10:25
63656365
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň fransuz dili mugallymlary Nissa şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň Nissa şäherindäki Frankofoniýa merkezi tarapyndan guralan hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar.

Hünär kämilleşdiriş okuwyň dowamynda türkmenistanly hünärmenler fransuz dilini okatmagyň häzirki zaman innowasion usullary, şeýle hem umumy dil bilimindäki çemeleşmeler bilen giňişleýin tanyşýarlar.

Hünär kämilleşdiriş okuwy üstünlikli tamamlanandan soň, gatnaşyjylara degişli halkara nusgasyndaky şahadatnamalar gowşurylar — diýip, bilim.tm saýtynda habar berilýär.