Turkmenportal logo
Şu gün 10:15
53445344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Arkadag» teleýaýlymynyň enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Arkadag» teleýaýlymy üçin döwrebap enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça halkara tender- bäsleşigi yglan etdi.

Tender-bäsleşigine telewideniýe enjamlaryny üpjün etmek hem-de gurnamak boýunça tejribesi bolan kompaniýalar çagyrylýar. Gatnaşmak isleýän kompaniýalar doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, ýazmaça arza tabşyrmaly. Şeýle hem olar bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly, tehniki talaplary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly, enjamlaryň hilini we öndürijisini tassyklaýan resminamalar bilen bilelikde täjirçilik teklibini taýýarlamaly. Bäsleşige tabşyrylan resminamalar degişli töleg hasaplaşyk hasabyna gelip gowşandan soň garalar.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, tender boýunça teklipler 2026-njy ýylyň 29-njy awgustyna, ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:
Telefonlar: (+993 12) 44-24-24, 44-22-00
Faks: 92-52-42
E-poçta: turkmentv@sanly.tm