Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen birnäçe netijeli gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerden soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň 2027 — 2032-nji ýyllar üçin Türkmenistandaky işiniň esasy strategik ugurlary babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Aşgabat şäher häkimliginiň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň «Ýaşyl şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.