Turkmenportal logo
Şu gün 17:00
25152515
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary iş sapary bilen Türkmenistana geler

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä Tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýew şu gün dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana ugrar. Saparyň maksady Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we medeni gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr — diýip, tatar-congress.org saýty habar berýär.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda Tatarystanyň wekiliýeti Aşgabat şäherine we Türkmenbaşy şäherine baryp görer. Türkmenistanyň paýtagtynda ýurduň Daşary işler ministrliginde duşuşyklary geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bilen iş duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Taraplar bilim, syýahatçylyk we taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem saparyň maksatnamasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar.

30-njy iýulda Wasil Şaýhraziýew Türkmenbaşy şäherine uçar. Ol ýerde şäheriň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen gepleşikleri geçirer. Şeýle hem wekiliýet Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşar.

Iş sapary 31-nji iýula çenli dowam eder.