Turkmenportal logo
Şu gün 15:47
37353735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bäş ýyl ozal Polina Gurýewa Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi

Bäş ýyl ozal — 2021-nji ýylyň 27-nji iýulynda türkmen agyr atletikaçysy Polina Gurýewa Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanyp, milli sportumyzyň şanly taryhyna girdi. Bu sylag Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gazanan ilkinji medaly boldy.

Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, jemi 217 kilogram (silterläp götermekde 96 kg, itekläp götermekde 121 kg) netije görkezdi. Altyn medala 236 kilogram (103+133) netije bilen Olimpiýa rekordyny goýan Hytaý Taýbeýiniň wekili Go Sinçžun mynasyp boldy. Bürünç medaly bolsa 214 kilogram (94+120) netije bilen ýaponiýaly türgen Mikiko Ando gazandy.

Polina Gurýewa 1999-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä indi. Ol agyr atletika bilen 12 ýaşynda meşgullanyp başlady we halkara ýaryşda ilkinji gezek 2013-nji ýylda Perunyň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda çykyş etdi. Polina Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary bilim aldy hem-de Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlaryna 1996-njy ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýär. Polina Gurýewanyň Tokiodaky kümüş medaly türkmen sportunyň taryhynda möhüm sepgit bolup, ýurdumyzyň türgenleriniň halkara arenadaky iň ýatda galyjy üstünlikleriniň biri hökmünde taryha girdi.

 

Bäş ýyl ozal Polina Gurýewa Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi | Turkmenportal.com