Turkmenportal logo
Şu gün 12:21
52005200
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zaika Russiýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda iň ýaş baş emin boldy

Emin Matweý Zaika Russiýanyň futbol çempionatynyň ýokary diwizionynda we Russiýanyň Premýer-ligasynyň (RPL) taryhynda iň ýaş baş emin boldy.

Moskwada Alfa-Bank RPL-iň birinji tapgyrynyň çäklerinde «Dinamo» bilen Samara şäheriniň «Krylýa Sowetow» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyga 24 ýaşly Matweý Zaika baş emin hökmünde bellenildi.

Zaika geçen möwsümde Pari Birinji ligasynda baş emin hökmünde 10 duşuşyga eminlik etdi. Mundan başga-da, ol Ikinji ligada 6 oýna we Russiýanyň FONBET Kubigynda 2 duşuşyga eminlik etdi — diýip, Sports.ru neşiri habar berýär.

Täze wezipä bellenilmegi barada pikirini beýan eden emin, ussatlyk derejesinde ýaşyň ähmiýetiniň ýokdugyny aýtdy. Ol meýdançada esasy şahs futbolçy ýa-da tälimçi däl-de, eýsem baş emindir — diýip, belledi.