Turkmenportal logo
Şu gün 11:08
41444144
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýadaky gadymy galalar ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Fransiýanyň gündogaryndaky orta asyr galalarynyň sekizisi halkara ÝUNESKO guramasynyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada degişli çözgüt guramanyň Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde geçen 48-nji mejlisinde kabul edildi diýip, «France3» teleýaýlymy habar berdi.

Sanawa ýurduň Od we Arýež departamentlerindäki Agilar, Karkasson, Lastur, Monsegýur, Peýpertýuz, Pýuiloran, Keribýus we Term galalary girizildi. Olar XIII asyrda gurlan goranyş maksatly berkitmeler bolup, «katar galalary» diýen at bilen bellidir. Bilermenler bu gorag berkitmeleriniň dünýäniň beýleki ýerlerinde duş gelmeýändigini belleýärler.

Od departamentiniň başlygy Elen Sadranýe: «Biziň galalarymyzyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna goşulmagy ägirt uly buýsançdyr. Olar adamzadyň taryhyny gürrüň berýän beýik ýadygärlikleriň hataryna degişlidir» diýdi.