Ýaponiýanyň haýwanat bagyndaky Panç lakamly maýmynjyk özüniň ilkinji doglan gününi belleýär. Bir ýylyň dowamynda ol diňe ösmän, tutuş dünýädäki millionlarça adamlaryň kalplaryny gozgamagy başardy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Pança dürli ýurtlardan 2,5 müň sany gutlag haty gelip gowuşdy. Adamlar ilki taýpadaşlary tarapyndan ýekirlenen körpe maýmynyň mähirli, bilesigeliji we galjaň bolup ýetişendigine şatlanýarlar.
Ählisi-de maýmynjygyň saklanýan gözeneginden düşürilen wideo internetde ýaýrandan soňra başlandy. Ejesi tarapyndan ýüz dänderilen kiçijik makaka hemişe ýanynda ýumşak oýnawaçly gezýärdi. Oýnawaç Pançyň ýeke-täk syrdaşy bolupdy. Internetde köp adam maýmyn çagasyny alada edip ugrady. Tizara onuň bilen beýleki maýmynlaryň arasyndan birisi dostlaşdy. Panç durmuşa uýgunlaşyp ugrady, haýwanat bagy bolsa, bu waka sebäpli haýwanlaryň has gowy şertlerde saklanmagy üçin köp mukdarda haýyr-sahawat puluny aldy.