Turkmenportal logo
Şu gün 09:18
783783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda durmuşa çykmakdan ýüz öwren gelinlik şol gün başga ýigit bilen toý etdi
Surat: mir24.tv

Hindistanyň Uttarakhand ştatynda geň waka boldy. Gelinlik öýlenjek ýigidiň dogan-garyndaşlarynyň özüni alyp barşyndan nägile bolup, toýdan ýüz öwürdi, emma şol gün başga ýigide durmuşa çykdy.

24 ýaşly gyzyň ilkibaşky saýlan ýigidi bilen toýy 21-nji iýulda Rurki şäherindäki banket zalynda bolmalydy. Emma dabara birnäçe minut galanda, gelinligiň dogan-garyndaşlary öýlenjek ýigidiň käbir dogan-garyndaşlarynyň toýa eýýäm serhoş gelendiklerini, zenanlara lak atýandyklaryny görüp, goh turuzdylar hem-de toýdan ýüz öwürdiler. Ýagdaý gitidigçe dartgynlaşýardy, myhmanlar ýakalaşmaga başladylar. Olary polisiýa işgärleri gelip köşeşdirmeli boldy.

Bu ýagdaý gelinligiň gaharyny getirdi, ol asla durmuş çykmak islemeýändigini aýtdy. Netijede, iki tarap hem toýy ýatyrmak, sowgatlary yzyna gaýtarmak barada ylalaşdylar. Emma eýýäm şol agşam ýakynlary gyza başga ýigit tapdylar, nika toýy-da hut şol banket jaýynda geçirildi. Onsoňam, gyzyň dogan-garyndaşlary ilkinji öýlenjek ýigidiň maşgalasynyň üstünden polisiýa şikaýat etdiler, olar gopgun turuzmakda hem tertip-düzgüni bozmakda aýyplanýar diýip, «Times of India» gazeti habar berýär.

Öň Hindistanda toýda süýjülik üstünde iki tarapyň ýakalaşandygy habar berlipdi, gelinligiň dogan-garyndaşlary toýuň ýatyrylmagyny öýlenjek ýigidiň özüni edepsiz alyp barandygy bilen düşündirdiler. Emma esasy sebäbiň ýigidiň maşgalasynyň özüni alyp barşy bolandygy bellenýär, olar toý gidip durka gelin tarapdan goşmaça galyň talap edipdirler.