Turkmenportal logo
Düýn 22:57
1013110131
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp Prezidenti Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň ýurda saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen dünýä ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar.

Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklarda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli işjeňleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de myhman netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.