Turkmenportal logo
Düýn 14:18
68846884
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýly alymlar suwda halas işleri üçin düşdüş-robot döretdiler
Surat: runews24.ru

Hytaýyň  Şençžen Emeli aň we jemgyýetçilik robottehnikasy institutynyň we ABŞ-nyň Stiwensiň tehnologik instutynyň alymlary möýi ýatladýan robot döretdiler, ol suwda halas ediş işlerinde peýdalanylar. Bu barada «News.by» habar berdi.

Alymlar enjamy döredenlerinde, awçy-möýden ruhlandylar, bu jandarlar howuzlarda, köllerde, haýal akýan çeşmelerde we beýleki suwluk ýerlerde agramyny deň paýlap, suwuň ýüzünde ýöräp bilýärler.

Täze robotyň dört sany aýagy bar. Olar roboty ugrukdyrýan we suwda ýöreýärkä hereketini kadalaşdyrýan algoritmler arkaly meýilnamalaşdyrylýar.

Suw howdanlarynyň birnäçesinde synagdan geçirilen enjam takyk hereket edip, binanyň içinde-de, açyk meýdanda hem halas ediş işlerini geçirmekde ýokary netijeliligi görkezdi.