Turkmenportal logo
Düýn 13:57
14931493
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sabrina Dallafior Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky gurama ýolbaşçy bellendi
Surat: media.az

Şweýsariýanyň raýaty Sabrina Dallafior Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň baş direktory wezipesinde işe başlady. Ol bu wezipede ilkinji zenan boldy diýip,  «INTERFAX.RU» habar berdi.

Dallafior özüniň wezipesinde esasy ileri tutýan ugrunyň Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça Konwensiýanyň berjaý edilmegini gazanmakdan hem-de gurama agza-ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmekden ybarat boljakdygyny aýtdy.

Gurama gatnaşyjy döwletler Dallafiory bu wezipä biragyzdan 2025-nji ýylyň noýabrynda saýladylar. Ol mundan öň Şweýsariýanyň Finlýandiýadaky ilçisi bolup işledi. 25 ýyllyk diplomatik işinde Sabrina Dallafior ýaragsyzlandyrmak, ýaraglara gözegçilik, ýaýratmazlyk we halkara howpsuzlygy ulgamynda birnäçe wezipelerde zähmet çekdi.