Uganda Respublikasy ýurduň Birleşen Milletler Guramasyndaky öňki hemişelik wekili we BMG-niň baş sekretarynyň çagalaryň ýagdaýy hem-de ýaragly gapma-garşylyklar boýunça ýörite wekili Olara Otunnuny guramanyň baş sekretary wezipesine teklip etdi. Bu barada Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň başlygynyň edarasynyň wekili La Neýs Kollinz habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Otunny diplomatik işine 1980-nji ýyllarda BMG-de Ugandanyň hemişelik wekili hökmünde başlady. häzir 75 ýaşly Otunnu öň guramada dürli ýolbaşçy wezipelere işledi.