Hindistanyň bilim ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip, Pralad Joşi bellendi. Bu barada «NDTV» teleýaýlymy ýurduň Prezidentiniň edarasynyň beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Joşi bu wezipäni azyk we jemgyýetçilik üpjünçiligi ministriniň wezipesi bilen ugurdaşlykda alyp barar. Prezident Draupadi Murmu bilim ministri Dharmendra Pradhanyň işden gitmek barada arzasyny kabul etdi.
Pradhan ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň jogaplarynyň bikanun elýeterli bolmagyna garşy talyplaryň nägilelik çykyşlaryndan soňra wezipesini terk etdi. Ministr gelen karary barada: «Kyrk ýyldanam gowrak wagt özümi talyplardyr mugallymlara hem-de bilim ulgamyndaky özgertmelere bagyşladym. Men hemişe ýokary inklýuziw we uzak geljegi nazarlaýan bilim ulgamynyň güýçli milletiň kemala getirilmeginiň möhüm guralydygyna ynanýardym» diýip, «Х» sosial torunda ýazdy.
Öňki bilim ministrine garşy çykyşlar «Cockroach Janta Party» ýaşlar hereketiniň 20-nji iýulda parlamentiň binasyna ýöriş etmegi bilen başlandy.
Müňlerçe talyplar Pradhanyň wezipesinden gitmegini we bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmegi talap etdiler.