Turkmenportal logo
Düýn 11:26
66216621
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda pagta önümleri uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, çig ýüpek, pagta ýagynyň soapstogy ýerlenildi. 

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 78 million 93 müň manada deň bolan nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.