«Paramount Skydance Corp.» kompaniýasy «Warner Bros.» studiýasy bilen birleşmek barada bahasy 111 milliard dollarlyk geleşigi 2027-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli yza süýşürdi. Bu barada «The Variety» neşirinde çap edilen makalada habar berilýär.
Munuň sebäbi monopoliýa garşy kazyýet seljerişligi bilen baglydyr. Ýagny Kaliforniýanyň baştutanlygynda ABŞ-nyň ştatlarynyň 12-si bu geleşigi ýatyrmak barada kazyýete şikaýat etdi. Olar birleşmegiň kinobazarynda bäsdeşligi pese gaçyrjakdygyndan ätiýaç edýärler.
«Haçanda korporasiýalaryň az sanlysy amerikan durmuşy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bazarlarda agalyk edýärkä, zatlary gymmatladýar we ýagdaýy ýaramazlaşdyrýar» diýip, Kaliforniýanyň baş prokurory Rob Bonta geleşik barada pikirini paýlaşdy.
Iýunda ýurduň Ýustisiýa ministrligi «Paramount Skydance Corp.» korporasiýasynyň «Warner Bros. Discovery» kompaniýasyny satyn almak barada geleşigini makullapdy. Edara bu goşulyşmagyň bäsdeşlige ýa-da sarp edijilere ýitgi ýetirip bilmejekdigi barada netijä gelipdi.