Turkmenportal logo
Düýn 10:05
54605460
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti Ýotowa saýlawlara gatnaşmakçy
Surat: gazeta.press

Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti Iliýana Ýotowa şu ýylyň aýaklarynda ýurtda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda dalaşgärlik etmäge taýýardygyny yglan etdi diýip, «Interfax.ru» habar berdi.

«Hawa, dalaş etmekçi. Meni maslahat beriji geňeş hödürlär. Bolgariýada özümi köpler goldar diýen ynam bilen şeýle karara geldim» diýip, Ýotowa ýurduň milli teleýaýlymynda eden çykyşynda aýtdy.

Ýotowa ýanwaryň ortasynda Bolgariýanyň öňki Prezidenti, häzirki Premýer-ministr Rumen Radew wezipeden gidenden soňra döwlet Baştutanynyň borçlaryny berjaý edýär. Ol bu wezipede Rudewiň 2027-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda möhleti tamamlanýança saklanar.