Turkmenportal logo
Şu gün 10:53
17881788
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Pusandaky mejlisine gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti 19-njy iýulda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde öz işine başlan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşýar.

Bu halkara çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew gatnaşýarlar.

Her ýyl geçirilýän bu mejlis ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna gatnaşyjy 196 döwletiň 3 müňden gowrak wekillerini we halkara bilermenlerini bir ýere jemleýär. Bütindünýä mirasy komitetiniň düzümine bolsa Konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň arasyndan saýlanan 21 döwletiň wekilleri girýär.

Mejlisiň dowamynda edilen çykyşlarda Bütindünýä mirasynyň adamzadyň umumy siwilizasiýa gymmatlygy hökmünde ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem mirasy gorap saklamagyň howanyň üýtgemegi, şäher bilen oba ýerleriniň arasyndaky deňsizlik hem-de sebitleriň ösüşindäki tapawutlar ýaly ählumumy meseleleri çözmek boýunça utgaşdyrylan tagallalary talap edýändigi bellenildi.

Mejlisiň dowamynda Komitetiň agzalary häzirki wagtda Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleriň gorap saklanyş ýagdaýyna, täze desgalary sanawa goşmak boýunça hödürlenen 33 teklibe, şeýle hem öň sanawa girizilen 147 desgany gorap saklamak boýunça meýilnamalara gararlar.

Mejlisiň işi 29-njy iýula çenli dowam eder.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan tahýa tikmek sungatyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip edipdi.

Türkmenistanyň wekilleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Pusandaky mejlisine gatnaşýarlar | Turkmenportal.com