Turkmenportal logo
Düýn 16:35
80098009
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirdi

​Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Howkins bilen duşuşyk geçirdi.

​Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik dialogy ösdürmegi, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler, şeýle hem, özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar diýip, türkmen daşary işler edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

​Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-amerikan döredijilikli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekde gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.