Türkmenistanyň şaýbaly hokkeý federasiýasy tkmihf.com salgysynda resmi web saýtyny işe girizdi. Internet çeşmesi türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär. Saýtda ýurduň milli hokkeý ulgamynyň gurluşy, erkekler milli ýygyndysy, şeýle hem U20 we U18 ýaş derejelerindäki ýetginjekler ýygyndylary barada maglumatlar ýerleşdirilýär.
Saýtda Türkmenistanyň içerki hokkeý çempionatyna bagyşlanan aýratyn bölüm hem döredildi. Mundan başga-da, Aşgabat şäherindäki buzly sport meýdançalary barada maglumatlar, şeýle hem milli ýygyndylaryň gatnaşjak halkara ýaryşlarynyň senenamasy ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň şaýbaly hokkeý federasiýasy 2012-nji ýylda döredildi. Federasiýa 2015-nji ýyldan bäri Halkara şaýbaly hokkeý federasiýasynyň (IIHF) agzasy bolup durýar.