Turkmenportal logo
Şu gün 09:26
18111811
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň gümrük işgärleri ýurtda ilkinji «e-TIR» ýük daşamalaryny utgaşdyrmak boýunça okuw geçýärler

Düýn Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda halkara sanly «e-TIR» ulgamyndan peýdalanyp amala aşyryljak ilkinji ýük daşamalaryny utgaşdyrmak hem-de tehniki goldaw bermek meselelerine bagyşlanan bäş günlük çäreler tapgyryna badalga berildi.

Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilişine görä, maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmagyň amaly taraplaryna bagyşlanan tehniki okuw maslahaty geçirilýär. Şeýle hem Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan ugry boýunça ilkinji synag ýük daşamasyny guramak göz öňünde tutulýar.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) wekilleri gatnaşýarlar.

Çäreleriň amaly tapgyry 22–24-nji iýul aralygynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) goldaw bermeginde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda dowam etdiriler. Bu döwürde «e-TIR» ulgamy arkaly synag ýük daşamalary amala aşyrylar. Şeýle hem Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) bilermeni Wahtang Zarandiýa okuw sapaklaryny geçirer.

Ozal biz Türkmenistanda halkara «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada habar beripdik.