Turkmenportal logo
Şu gün 08:43
26262626
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belledi. 

«Ýakynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde Tbilisi şäherinde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, bildiren myhmansöýerligiňiz, mähirli kabul edendigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biz Siziň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda nygtady.

Döwlet Baştutany şu şanly günde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy mynasybetli gutlady | Turkmenportal.com