Turkmenportal logo
Şu gün 12:29
69036903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ak tam: Tramp futbol boýunça dünýä çempionlygynyň finalyna gatnaşar
Surat: Surat: tass.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Nýu-Ýorkda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hormatyna kabul edişlik guramakçy hem-de futbol boýunça dünýä çempionlygynyň Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky final oýnuna tomaşa etmekçi. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitte salgylanýan TASS habar berdi.

Çempionatyň 19-njy iýulda geçjek final duşuşygynda dünýäniň üç gezek çempiony Argentinanyň ýygyndy topary Ispaniýanyň topary bilen duşuşar. Oýun Nýu-Jersi ştatynda bolar. Öň habar berlişi ýaly, Tramp ýeňiji topara kubok gowşurar.

«INTERFAX.RU» agentligi Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileýiň final duşuşygyna gatnaşmak üçin ABŞ-a gitmejekdigini, oýna öz iş ýerinde tomaşa etjekdigini habar berdi.

Jemleýi oýna gatnaşmak baradaky sowala Mileý: «Ýok. Men oýunlara ilkinji günden bäri Oliwosda (Buenos-Aýresiň etegindäki prezident kabulhanasy) tomaşa edýärin. Bu yrym, men Oliwosda oýunlary uýam bilen bile görýärin» diýip jogap berdi.