Turkmenportal logo
Şu gün 11:58
49814981
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýeke özi öýde 2» filminde surata düşen aktrisa Brenda Friker aradan çykdy

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan ilkinji asly irlandiýaly aktrisa Brenda Friker 81 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Kazinform agentligi euronews.com neşirine salgylanyp habar berdi.

Brenda Friker 1990-njy ýylda «Meniň çep aýagym» atly biografiki dramada iň gowy ikinji plandaky zenan keşbini ýerine ýetirendigi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Filmde ol irlandiýaly ýazyjy we suratkeş Kristi Braunyň ejesiniň keşbini janlandyrdy. Şeýlelikde, Friker bu abraýly baýraga eýe bolan ilkinji asly irlandiýaly zenan boldy. Şol filmde baş keşbi ýerine ýetiren Daniel Deý-Lýuis hem iň gowy erkek keşbi üçin «Oskar» baýragyna eýe bolupdy.

Altmyş ýyllap döredijilik ýolunda işlän Friker «Palta göterýän ganhor bilen durmuş gurdum» (1993), «Öldürmegiň wagty» (1996), «Weronika Geren» (2003) we «Albert Nobbs» (2011) ýaly filmlerde surata düşdi. Aktrisa giň tomaşaçylar köpçüligine, esasan-da, 1992-nji ýylda ekranlara çykan «Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda ýiten» filmindäki «kepderili zenanyň» keşbi bilen tanaldy. Filmde onuň keşbi Makoleý Kalkiniň ýerine ýetiren baş gahrymany bilen dostlaşýandygy beýan edilipdi.