Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Tbiliside döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside ýerleşýän Gahrymanlar meýdançasyna gül goýup, Watan üçin göreşijileri hatyralady.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gruziýa döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri mähirli hoşlaşyp, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek bellediler hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Türkmenistana ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň resmi adamlary garşyladylar.