16-njy iýulda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideri aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanyp ýatlama çäresi geçirildi.
Çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň pars dili okuwlarynyň mugallymlary we diňleýjileri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilçi we medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi ýygnananlaryň öňünde eden çykyşlarynda aýatolla Hameneýiniň döwlet syýasatyndaky we eýran jemgyýetiniň durmuşyndaky orny, onuň mirasy, şeýle hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan goşandy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde pars dili okuwlarynyň mugallymlary we diňleýjileri tarapyndan Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanan makalalar we goşgular okaldy. Şeýle hem onuň ömri we alyp baran işleri barada wideomateriallar görkezildi, Gurhanyň aýatlary okaldy we doga-dilegler edildi.