Turkmenportal logo
Şu gün 13:43
40354035
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Emeli aň boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

26-njy ýylyň 17–20-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Emeli aň boýunça bütindünýä maslahaty (WAIC 2026) hem-de Emeli aňy ählumumy dolandyrmak boýunça ýokary derejeli maslahat geçirilýär. «Emeli aň boýunça hyzmatdaşlyk — ýagty geljek üçin» diýen şygar astynda geçirilýän foruma Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.

Şanhaý bu ýyl hem dünýäniň öňdebaryjy tehnologik pikir alyşmalarynyň esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Şu gezekki maslahatyň gerimi öňki ýyllardakydan hem giň boldy. Sergi meýdançasynyň umumy meýdany 100 müň inedördül metrden geçýär. Foruma 1100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýa, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan 1400-e golaý çykyş ediji, alymlar we döwlet işgärleri gatnaşýar. Maslahatyň açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň degişli ministrliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy ýurtda sanlylaşdyrmak boýunça döwlet strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky ädimleriniň biri hökmünde baha berilýär.

«Emeli aňy ösdürmek ýurdumyzda infrastruktura derejesindäki esasy ileri tutulýan strategik ugurlaryň biri hasaplanýar» — diýip, türkmen wekiliýetiniň agzalary bellediler. 

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Emeli aň boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşýar | Turkmenportal.com