Turkmenportal logo
Şu gün 12:07
26402640
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Netflix-de görkezilen «Men gorkamok» trilleri indi Belet platformasynda elýeterli

“Belet” platformasynda dünýäniň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan täze seriallaryň biri bolan «Men gorkamok» (No tengo miedo) atly meksikan drama-mini serialy tomaşaçylar üçin elýeterli boldy. Taslamanyň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Netflix platformasynda geçirildi we birnäçe günden soň serial platformanyň iň köp tomaşa edilen ilkinji onlugyna girdi.

Bu serial italýan ýazyjysy Nikkolo Ammanitiniň 2001-nji ýylda şol bir at bilen neşir edilen meşhur romanynyň Latyn Amerikanyň sebitine uýgunlaşdyrylan görnüşidir. Taslamanyň režissýory Ernesto Kontreras, baş keşpleri bolsa Luis Alberti, Fatima Molina we Umberto Busto ýerine ýetirýärler.

Wakalar 1986-njy ýylda, Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe, Meksikanyň Werakrus ştatynda bolup geçýär. Hekaýanyň özeni on ýaşly Migeliň başyndan geçýän wakalar bilen baglanyşykly bolýar. Bir gün ol çukurda Felipe atly nätanyş oglany tapýar. Ilkibada ol ony arwahdyr öýdýär, emma soňlugy bilen Felipäniň alnyp gaçylandygy aýan bolýar. Şondan soň Migeliň durmuşy düýpgöter üýtgeýär. Wakalar ösdügiçe, Migel günäkär adamlaryň öz hemişe ynanyp gelen uly adamlarynyň arasynda hem bolup biljekdigine göz ýetirýär.

Netflix bu serialy gorkunç žanryna degişli film hökmünde hödürlese-de, ondaky esasy aýylgançlyklar adatdan daşary güýçlerden däl-de, adamlaryň rehimsizliginden we kiçijik oba jemgyýetiniň gizlin syrlaryndan döreýär.

Sekiz bölümden ybarat bolan «Men gorkamok» serialy häzirki wagtda “Belet” platformasynda tomaşa etmek üçin elýeterlidir.