Turkmenportal logo
Şu gün 09:41
35823582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Brýusselde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 16-njy iýulda Brýusselde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygynyň derwaýys meselelerini, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şeýle hem durnuklylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, serhetleri dolandyrmak, häzirki zaman wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek, özara baglanyşygy ösdürmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň amaly taýdan durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ahmet Gurbanow öz çykyşynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk görnüşiniň Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu hyzmatdaşlyk sebitiň döwletleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň mümkinçiliklerini durnukly ösüşi üpjün etmek, özara baglanyşygy giňeltmek we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen birleşdirýän netijeli mehanizmdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi goldaýar. Muňa syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli dialog, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň duşuşyklary, şeýle hem sebitiň döwletleriniň howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen ÝB-niň amaly maksatnamalary hem degişlidir.