Turkmenportal logo
Düýn 09:41
80448044
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary halkara rus dili olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan onlaýn görnüşinde geçirilen «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden halkara olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda olimpiada gatnaşan rus dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle hem rus dili we edebiýaty hem-de taryh hünärleriniň beýleki talyplary baýrakly 2-nji orunlara mynasyp boldular.

Olimpiada Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Taýland Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň, Afrikanyň ýokary okuw mekdeplerinden we Türkmenistandan talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanly talyplaryň bu bäsleşige gatnaşmagy «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde amala aşyryldy.