Turkmenportal logo
15.07.2026
1215812158
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çagyrlandygyny beýan etdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyny hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan watandaşlary döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly dürli soraglardan ybaratdygyny belledi. Mejlisiň dowamynda öňde goýlan soraglar boýunça birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi hem-de degişli ugurlar boýunça ýolbaşçylaryň çykyşlary diňlenildi.  

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi we mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni üstünlikli geçirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.