Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny goldamak maksady bilen Germaniýanyň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak işine ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, adaty energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň möhüm logistika merkezi hökmünde uly mümkinçiliklere eýedigini nazara alyp, infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.