Turkmenportal logo
Düýn 13:46
1203212032
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň KHBS-niň wekilleri «Connect for Peace 2026» media festiwalyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we media jemgyýetçiliginiň wekilleri Gazagystanyň Almaty şäherinde 7-8-nji iýulda geçirilen media sowatlylygyny ösdürmäge bagyşlanan «Connect for Peace Festival 2026» halkara festiwalyna gatnaşdylar. Guramaçylaryň beren maglumatlaryna görä, çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýüzden gowrak žurnalist, media bilrmeni we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Bu festiwal Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawynda «Internews» halkara guramasy tarapyndan durmuşa geçirilen iki ýyllyk «CARAVAN» (Central Asian Resilience through Verified, Accurate and Novel Content – «Egin-eşik we täze kontent arkaly auditoriýanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak») sebit taslamasynyň jemleýji çäresi boldy. Iki ýylyň dowamynda taslama maglumat giňişliginiň ýalan maglumatlara (dezinformasiýa) garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen sebitiň garaşsyz medialary, hökümete degişli bolmadyk we bilim guramalary bilen iş alyp bardy. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde 1,5 müňe golaý media kontenti taýýarlanyldy.

Açylyş dabarasynda «CARAVAN» taslamasynyň direktory Wadim Sadonşoýew, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasyndaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur we «Internews Europe» maksatnamasynyň direktory Dewid Diedon gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Festiwalyň maksatnamasyna dürli çekişmeler we bilermenleriň sessiýalary, amaly okuwlar, şeýle hem medianyň durnuklylygy, media sowatlylygy, žurnalistikada emeli aňyň ulanylyşy, ýalan maglumatlara garşy göreş, sanly howpsuzlyk we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini maliýeleşdirmegiň täze modelleri baradaky ara alyp maslahatlaşmalar girizildi. Bilrmenler anyk mysallaryň üsti bilen emeli aň tehnologiýalarynyň media ulgamynda amaly taýdan ulanylyşyny görkezdiler.

Gatnaşyjylar donorlyk goldawlarynyň azalýan şertlerinde redaksiýalaryň maliýe durnuklylygy meselelerine aýratyn üns berdiler. «Merkezi Aziýada durnukly media: işleýän biznes-modeller» atly bilermenler sessiýasynda media bilermeni Witaliý Wolanýuk durnukly media biznesini gurmak üçin dört sany esasy guraly görkezdi: girdejileriň we çykdajylaryň ýyllyk meýilleşdirilişi, dolandyryş hasaby, pul akymynyň meýilleşdirilişi we CRM ulgamy arkaly müşderiler bilen ulgamlaýyn işleşmek. Gatnaşyjylar girdejileri diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça — brendirlenen kontentleri we täjirçilik ýörite taslamalaryny ösdürmekden başlap, zähmet migrantlary üçin maliýe sowatlylygy baradaky taslamany hem öz içine alýan sanly bilim başlangyçlaryna çenli tejribeleri barada paýlaşdylar.

Şeýle hem festiwalda «CARAVAN» taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylan şowly sebit media taslamalarynyň mysallary, şol sanda çetki daglyk ilatly ýerlerde agyz suwuna bolan elýeterlilik we medeni miras obýektlerini gorap saklamak baradaky žurnalistiki materiallar tanyşdyryldy.

Festiwala gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň media ulgamyny ösdürmekde, hünär tejribesini alyşmakda hem-de sebit üçin umumy bolan meselelere — howanyň üýtgemegine, migrasiýa we suw serişdelerine bagyşlanan transmilli žurnalistiki taslamalaryň üstünde bilelikde işlemekde sebitara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Gatnaşyjylar üçin boş wagtlarynda Almatynyň Döwlet çeperçilik muzeýine gezelenç guraldy. 8-nji iýulda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýeti, ekologiýasy, taryhy mirasy we sosial özgertmeleri baradaky dokumental filmleriň görkezilişi boldy.

Türkmen wekiliýetiniň bu festiwala gatnaşmagy, şu ýylyň maý aýynyň başynda Aşgabatda ÝB-niň goldamagynda sanly tehnologiýalar we media ulgamyna emeli aňy girizmek boýunça geçirilen ýöriteleşdirilen treningler bilen başlanan «CARAVAN» taslamasynyň çäklerindäki işleriň dowamy boldy. Şonda media sowatlylygy boýunça iki sany üç günlük okuw sapagy — ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we mugallymlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we KHBS-niň wekilleri üçin guralypdy.