Turkmenportal logo
Düýn 13:35
1190211902
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýanyň ilçisi: Türkmenistanda 20 müňe golaý talyp fransuz dilini öwrenýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistandaky Fransuz institutynyň goldamagynda 20 müňe golaý türkmen mekdep okuwçysy we talyby fransuz dilini öwrenýär. Bu barada Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen 14-nji iýulda Aşgabatda geçirilen Fransiýanyň Milli baýramy mynasybetli guralan kabul edişlikde mälim etdi.

Ilçiniň sözlerine görä, fransuz dilini öwretmek işi türkmen okuw mekdepleri bilen bilelikde ýurtda birnäçe medeni we bilim taslamalaryny hem amala aşyrýan Fransuz institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde alnyp barylýar. Ilçi fransuz dilini wagyz etmek we bilim maksatnamalaryny giňeltmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.