Türkiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň 15-nji iýulda belleýän şanly senesi — Demokratiýa we milli agzybirlik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çärä gatnaşyjylara Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Ilçi mundan on ýyl ozal Türkiýede döwlet agdaralyşygyny guramak synanyşygynyň bolandygyny, emma munuň ýurduň halky tarapyndan goldanmandygyny ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä, bu wakalar Türkiýäniň iň täze taryhynda möhüm sahypa öwrüldi we oňa döwlet derejesindäki şanly sene — Demokratiýa we milli agzybirlik güni statusy berildi.
Ilçi öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky köp ýyllyk dostlukly gatnaşyklar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky baglanyşyklaryň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Ol türk halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sagbolsun aýtdy.
Dabaranyň resmi böleginiň dowamynda müfti wepat bolanlaryň hatyrasyna aýat-töwir okady.

Ilçi çykyşyny jemläp, 2016-njy ýylyň wakalarynda şehit bolanlaryň hatyrasyny belent tutdy we weteranlara abadançylyk diledi.

Çäräniň resmi böleginden soň, myhmanlar bu şanly güne bagyşlanan fotosergi bilen tanyşdylar.


