24-nji iýulda sagat 17:00-dan 19:00-a çenli «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ýerzemin gatynda CODDY bilim taslamasy çagalar we ýetginjekler üçin häzirki zaman IT ugurlaryna bagyşlanan mugt ussatlyk sapagyny geçirer.
Çärä gatnaşyjylara üç tematiki bölüm hödürlener: robot tehnikasynyň esaslary, Pygame programmirleme diliniň kömegi bilen öz oýunlaryňy döretmek hem-de Blender programmasynda 3D modelirlemäniň başlangyçlary bilen tanyşmak.
Guramaçylaryň bellemegine görä, maksatnama diňe bir bilim beriji bölegi bilen çäklenmän, eýsem gyzykly dynç alyş çärelerini hem öz içine alar. Gatnaşyjylara aýdym-sazly çykyşlar, sowgatlar, dürli bäsleşikler we lotereýa utuşly oýunlar garaşýar.
Guramaçylaryň sözlerine görä, ussatlyk sapagy ýaş gatnaşyjylara maglumat tehnologiýalarynyň dürli ugurlarynda öz mümkinçiliklerini synap görmäge, täze dostlar bilen tanyşmaga hem-de wagty netijeli geçirmäge şert döreder.
Çärä öňünden hasaba almaklyk degişli salgynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Goşmaça maglumatlary +993 (63) 47 11 92 we +993 (63) 42 67 51 telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz.