Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasyna berkidilen Türkmenistandaky iri gaz känlerinde gözleg we buraw işleriniň şu ýylyň dekabr aýynda başlanmagyna garaşylýar. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim mälim etdi — diýip, nst.com saýty ýazýar.
Onuň sözlerine görä, bu pudakdaky iň çalt amala aşyrylan taslamalaryň biri bolup durýar. Adatça, şertnama baglaşylan wagty bilen buraw işleriniň başlanmagynyň arasynda bir ýarym ýyldan iki ýyla çenli wagt geçýär.
Premýer-ministr bu beýanaty Malaýziýanyň parlamentiniň aşaky palatasynda (Dewan Rakýat) geçirilen «Ministrlere sowallar sagady» atly mejlisde deputat Datuk Rosol Wahidiň Ormuz bogazyndaky dowamly dartgynly ýagdaýyň ýurduň syýasy we ykdysady durnuklylygyna ýetirýän täsiri hem-de onuň netijelerini ýeňilleşdirmek boýunça görülýän çäreler baradaky sowalyna jogap berende aýtdy.
Anwar Ibragimiň bellemegine görä, Türkmenistandaky gaz känleriniň özleşdirilmegi Malaýziýany dünýäde tebigy gaz gorlaryny saklaýjy öňdebaryjy ýurtlaryň birine öwürer. Ol muny «Malaýziýa, aýratyn-da «Petronas» kompaniýasy üçin örän hoş habar» — diýip, häsiýetlendirdi.
Premýer-ministriň sözlerine görä, energiýa üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak hökümetiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur Russiýadan dizel ýangyjynyň we nebitiň uzak möhletleýin iberilmegini kepillendirmek boýunça çäreler bilen birlikde durmuşa geçirilýär. Ol häzirki wagtda Malaýziýada nebit önümleri bilen üpjünçiligiň ýeterlik derejededigini, çykdajylaryň bolsa ýakynda Ykdysady hereketler boýunça milli geňeşiň (NEAC) mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan çözgütleriň netijesinde gözegçilikde saklanyp bilinýändigini belledi.
«Ýagdaýyň nähili ösjekdigini öňünden çaklamak kyn bolsa-da, häzirki wagtda üpjünçilik ýeterlik derejede saklanýar we çykdajylary gözegçilikde saklamak mümkin» — diýip, Anwar Ibragim aýtdy.
Şeýle hem Premýer-ministr hökümetiň uzak möhletleýin strategiýasynyň ilaty goramagy, bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmegi, senagat pudagyna, kiçi we orta telekeçilige goşmaça goldaw bermegi hem-de ýurduň ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmagy öz içine alýandygyny belledi.