10-njy iýulda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä ilat güni mynasybetli çäre geçirildi. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy gurady.
Çärede Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň başlygynyň orunbasary Güljemile Annanyýazowa çykyş edip, ýurtda demografik statistikany kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Onuň bellemegine görä, şu ýylyň aprel–maý aýlarynda Türkmenistanda ýörite işlenip taýýarlanan usulyýet esasynda ilatyň reproduktiw meýilleri boýunça gözleg geçirildi. Bu gözleg maşgalalaryň çagalaryň sanyna we olaryň dünýä inmek möhletlerine degişli isleglerini hem-de niýetlerini, şeýle-de bu niýetleriň amala aşyrylmagyna päsgel berýän ýagdaýlary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Güljemile Annanyýazowa gözlegiň netijeleriniň uzak möhletli demografik çaklamalary hem-de demografik taýdan durnukly ösüş strategiýasyny taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanda öý hojalyklarynyň wagt býujetini öwrenmek boýunça barlag geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barlag öý işleri we ideg bilen bagly tölegsiz zähmetiň möçberine jynsy, ýaş toparlary we ýaşaýan ýeri boýunça baha bermäge mümkinçilik berer. Bu görkeziji Durnukly ösüş maksatlarynyň 5.4.1 görkezijisine laýyk gelýär.
Çykyş edijiniň düşündirmegine görä, bu görkeziji, aýratyn-da, Merkezi we Gündogar Aziýa ýurtlary üçin möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi bu sebitde aýallaryň ep-esli bölegi çagalara, gartaşan maşgala agzalaryna ideg etmek we öý hojalygyny alyp barmak ýaly tölegsiz öý işlerini ýerine ýetirýär. Geçiriljek barlag bu zähmetiň ykdysady ähmiýetini ýüze çykarmaga gönükdirilendir we ony awtomatiki ýagdaýda gender deňsizliginiň görkezijisi hökmünde beýan etmeýär.
Güljemile Annanyýazowa bu çäreleriň Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda ýurduň uzak we orta möhletli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönüden-göni ýardam berýändigini hem-de demografik, ykdysady we ekologik üýtgeşmelere has netijeli uýgunlaşmaga mümkinçilik döredýändigini nygtady.
Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň hünär kuwwatyny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny aýratyn belledi. Munuň çäklerinde komitetiň işgärleri üçin ýurduň içinde we daşary ýurtlarda halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maksatnamalary guralýar, şeýle-de Türkmenistanyň ilat statistikasy boýunça halkara we sebit başlangyçlaryna gatnaşmagyna goldaw berilýär.