Turkmenportal logo
Düýn 04:01
1204112041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýa Fransiýanyň ýygyndysyny ýeňip, DÇ-2026-nyň finala çykdy

Ispaniýanyň futbol boýunça ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Fransiýanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňip, finala çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Arlington şäherinde geçirildi.

Gollary Mikel Oýarsabal (22-nji minutda, penaltiden) we Pedro Porro (58-nji minutda) geçirdiler. Finalda ispanlar 15-nji iýulda geçiriljek Angliýa bilen Argentinanyň ýygyndylarynyň arasyndaky ýarym final duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşarlar.

Ispaniýanyň ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek dünýä çempionatynyň finalynda çykyş eder. Olar ilkinji gezek 2010-njy ýylda finala çykyp, goşmaça wagtda Niderlandlaryň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, dünýä çempiony bolupdy.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Taryhda ilkinji gezek ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Çempionat 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň ýygyndysydyr.