Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady.
«Gülüň, owadan!» bäsleşigine 2026-njy ýylda etrapdyr şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan zehinli keçeçileriň uly topary gatnaşdy. Elleri hünärli zenanlar asyrlardan aşyp gelýän keçe basmak senedindäki ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň çäginde guralan sergi hem oňa özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergide zenan dünýäsine mahsus el işlerine, owadan nagyşly keçelere, haly we haly önümlerine, şeýle-de gözelligiň nusgasy bolan milli şaý-seplere giňden orun berildi.
Eminleriň gelen netijelerine görä, ussat keçeçiler öňe saýlandylar. Netijede, 1-nji orna Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylary Şemşat Saparowa bilen Maral Ýusupdurdyýewa, 2-nji orna Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary Aýna Gurbanowa bilen Ýazjahan Allaberdiýewa, 3-nji orna bolsa Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylary Laçyn Gullanowa we Bahar Bulyjowa mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelän zenanlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.